ALBUKERKE ŞÄHERINDE 25-NJI MAÝYŇ «DOGAN ŞÄHER AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň bellenýän gününi, ýagny 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde «Dogan şäher Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi. Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy.

Tegelek stola Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Aşgabat şäher häkiminiň orunbasary M.Geldiýewa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimow hem-de Ilçihananyň Medeniýet we bilim bölüminiň başlygy Žaklin Mur gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Aşgabat we Albukerke doganlyk şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Toparyň başlygy Alana Makgratonyň, şeýle hem bu Toparyň esaslandyryjysy we ilkinji ýolbaşçysy Salli Elis Tompsonyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli wideogutlaglary diňlenildi.

Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan şu ýylda Aşgabadyň şäheriniň döredilmeginiň şanly 140 ýyllyk senesi bellenilip geçilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi barada bellenildi. Ilkinji nobatda Aşgabadyň dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýan paýtagty hökmünde giňden ykrar edilmegi bilen baglanşyklydygy nygtaldy.

Şeýle hem Albukerke şäheriniň häkimi Timoti M.Kelleriň buýrugy esasynda yglan edilen «Dogan şäher Aşgabat şäheriniň güni», iki şäheriň arasyndaky ýakyn doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi barada bellenildi.