TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SEULDA GEÇIRILÝÄN XV BÜTINDÜNÝÄ TOKAÝ KONGRESINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 2-nji maýynda Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä Tokaý Kongresi öz işine başlady. Bu halkara maslahata dünýäniň 144 ýurdundan degişli pudaklaryň ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetleriň agzalary, Seul şäherinde işleýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň wekiliýeti bu foruma göni sanly ulgam arkaly gatnaşýar.

Kongressiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriň we Koreýanyň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk” atly ýörite plenar mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň sanly ulgam arkaly çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen ähli ulgamlarda “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrmak hem-de daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belledi.