TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ SESSIÝASYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy gatnaşyjylara ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp iş orunlary bilen we durmuş-ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny, şeýle hem Halkara zähmet guramasy bilen wajyp strategiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýyla çenli Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çärelere esasy orun berilýär.

Şeýle hem geljek 30 ýylyň dowamyndaky her bir pudagyň wezipeleri kesgitlenen Türkmenistanda ýurdumyzy 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň kabul edilendigi barada aýdyldy.

Şunuň builen baglylykda ýokarda gökezilen ilatyň zähmet, iş üpjünçiligi we durmuş goraglylygy ugrunda döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny nazarda tutumak bilen, Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň esasy we başga-da birnäçe konwensiýalaryna goşulmak üçin oňyn mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.