TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 29-njy iýunda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hormatly Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk egsilmez güýç-kuwwat, şeýle hem ösüşiň we ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine döwlet we jemgyýetçilik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlygyny bildirip, taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, palamentara gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinmekleriniň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň uly geljegine bolan ynamy döredýändigini nygtady.
Söhbetdeşler häzirki günde ýurtlarymyzyň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürip, ähli esasy ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hususan-da, iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň ugurlary boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.