KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berýär.
Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar.
Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleri ýüze çykýan ähli meseleleri we kynçylyklary ýeňip geçjekdigine, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň döwlet we jemgyýet institutlarynyň durnukly ösüşini üpjün etjekdigine berk ynanýarys.
Türkmenistan Özbegistanyň ýakyn goňşusy hökmünde, bu ýurt bilen doganlyk, dostluk we ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglanandygy üçin, zerur bolan goldawy we ýardamy bermäge özüniň taýýardygyny mälim edýär.
Türkmenistanyň DIM-niň
Metbugat gullugy