TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gondy.

Uçaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy goňşy döwletiň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlyk” ýadygärligine ajaýyp gül dessesini goýdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kuksaroý” köşgüne geldi. Merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany özbek Lideri mähirli mübärekledi.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” köşgüne girdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin dostlukly ýurduň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, nobatdaky saparyň gatnaşyklary has-da berkitmäge, taryhy doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň umumy maksatlaryna we wezipelerine ýetmäge ýardam etmelidigini belledi.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene bir gezek özbek topragynda mähirli mübärekläp, umumy taryhy kökleriň we diniň, diliň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň meňzeşdiginiň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň berk binýady bolup durýandygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Özbegistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly Kararnamasyny goldamaga işjeň gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Soňra çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul edendigi hem-de bildiren myhmansöýerligi, duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu meniň Özbegistana ilkinji döwlet saparymdyr. Biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm, tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu gün biziň esasy maksadymyz türkmen-özbek doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we giňeltmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Şonuň bilen birlikde iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda birnäçe şertnamalara gol çekildi. Umuman, dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi ABŞ-nyň 450 million dollaryndan gowrak boldy.

Resminamalara gol çekmek tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar hem-de gatnaşyklarda depginli ösüşi bellediler.

Taraplar meseleleriň giň toplumy babatda pikir alşyp, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilkinji “Ýol kartasyny” kabul etmek barada ylalaşdylar.

Agşam döwlet Baştutanymyz, asylly däbe görä, “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýaş nahaly oturdandan soňra, “Kuksaroý” köşgüniň kabul edişlikler binasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna resmi agşamlyk nahar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.