TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ SYÝASY WE PARAHATÇYLYK GURLUŞYK MESELELERI BOÝUNÇA DEPARTAMENTINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir doly özleşdirilmedik ugurlaryň biri saýlaw proseslerini ýokary derejä ýetirmegi üpjün etmek we saýlawlary geçirmäge ýardam etmek bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga taýýarlygy beýan edildi.

Hukuk binýadyny kämilleşdirmek we halkara kadalaryny, ülňüleri we usullary öwrenmek we uýgunlaşdyrmak esasynda milli saýlaw institutlaryny mundan beýläk hem güýçlendirmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, çäklendirilen mümkinçilikli adamlar üçin ses bermäge doly elýeterliligi üpjün etmek boýunça dowamly we täsirli saýlaw tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly tejribe alyşmak barada aydyldy.