TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY DESGANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze desganyň toý bagyny kesdi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň dolandyryş binasyna girip, mejlisler zalynda özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçdi. Bu ýerde dabaraly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara we pudagyň işgärlerine ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda möhüm desganyň — Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylýandygyny belledi.

Şu gün ulanmaga berilýän merkez hem energetika pudagy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Bu merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri azaltmaga, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Merkeziň gurluşygyny «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy ýerine ýetirdi. Merkezde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi.

“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Ol şu gün ulanmaga berilýän ýokary tehnologiýaly merkeziň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary we goldawy netijesinde gurlandygyny nygtady.

Soňra ABŞ-nyň “General Electric Gas Power Europe” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Braýs Raisin, Beýik Britaniýanyň “The London Energy Club” kompaniýasynyň ABŞ-daky wekili Hubert Wilson Watson, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Fraunhofer” adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň professory Harald Apel, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “TUV” kompaniýasynyň Awstriýa Respublikasyndaky şahamçasynyň energiýa boýunça müdiri Anton Lepikson, “Duisburg-Essen” uniwersitetiniň (GFR) professory Bernd Reinhold Rosin dagylar çykyş etdiler.

Dabaraly ýagdaýda olar täze önümçilik merkezine tehnologiýalary ulanmaga rugsat berilýändigi barada degişli güwänamalary gowşurdylar.

Güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşýanlara wideofilm görkezildi. Film merkeziň işi, onuň niýetlenilen ugry hem-de esasy tehniki häsiýetnamalary barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow abatlaýyş bölümini synlady. Onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de tehnologik üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Bu ýerde hünärmenler döwlet Baştutanymyza geçirilýän işleriň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energetika ministrine bu merkez üçin niýetlenen täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny hem gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.