TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ÇALYK HOLDING” KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz işewüre Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirip, türk kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar, şol sanda elektroenergetika ulgamyndaky taslamalar bu hyzmatdaşlygyň aýdyň miweleridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň ýokary tehnologiýalar esasynda enjamlaryň abatlanylmagyny we uzak möhletleýin işledilmegini üpjün edip biljek Merkezi Aziýadaky ýeke-täk kärhananyň açylmagynyň ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek arkaly milli ykdysadyýetiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän dürli maksatly desgalaryň köp sanlysynyň gurulmagyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şu günki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý, jogapkärçilikli çemeleşjekdigine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.