AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Heňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.