RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Apr

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ WISE-BAŞLYKLYGYNA SAÝLANDY

2021-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar.    «Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitinde aýlawly ykdysadyýetiň ösüşiniň we tebigy gorlaryň d...

DOWAMY
pic
21 Apr

TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY GÖREŞMEK BABATDA IŞJEŇ ORNY EÝELEÝÄR

2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde ABŞ-nyň Prezidentiniň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew  howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tegelek stola gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwen...

DOWAMY
pic
20 Apr

BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-TÜRK ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşininiň üçünji mejlisi geçirildi.      Wekiliýetlere Türkmenistanyň Bilim ministri Orazgeldi Gurbanow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri jenap Ziýa Selçuk ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda medeniýet, bilim ulgamlarynda türkmen-türk özara hereketle...

DOWAMY
pic
17 Apr

ŽENEWADA PATENT HUKUGY HAKYNDAKY ŞERTNAMA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatn...

DOWAMY
pic
16 Apr

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY» ATLY REZOLÝUSIÝANY BIRAGYZDAN KABUL ETDI

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Guramanyň agza-döwletleriniň 72-niň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň barşynd...

DOWAMY
pic
15 Apr

TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ GURLUŞYGY BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir aly...

DOWAMY
pic
15 Apr

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ HATYRASYNA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ JEMLERI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

15-nji aprelde Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda çäräniň netijeleri boýunça tegelek stol geçirildi. Onda   maslahatyň esasy ugurlary beýan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp baryjy hökmünde çykyş etdi. Çärä Turkmenistanyn Daşary işler min...

DOWAMY