SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ SUW HOJALYK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem Ministr Şawkat Hamraýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistanyň Suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar suw babatda hyzmatdaşlygyň ähli u...
BITARAPLYGA BAGYŞLANAN SAÝTA “TÜRKMEN SÄHRA – 2020” ATLY TÄZE BÖLÜM GIRIZILDI
Türkmenistanyň döwlet ulag syýasatynyň aýratynlyklaryny ählitaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, «www.neutrality.gov.tm» döwlet websaýtynyň giňişligi täze bölüm bilen dolduryldy. Hususan-da, ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmen Sähra - 2020» täze maglumat çeşmesi açyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli ulag pudagynyň ösdürilmegi we onuň sebit hem-de halkara ulag ulgamyna integrirlenmegi babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirdi. ...
DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HALKARA FORUM – ÝURTLARYŇ MEDENI-YNSANPERWER DIALOGY ÜÇIN TÄZE MEÝDANÇA
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Seulda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum wideomaslahat görnüşinde geçirildi, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny jikme-jik beýan etdi. Prezident umumy taryhy, medeni we siwilizasion gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda medeni-ynsanperwe...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK – DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HALKARA FORUMYNDA ILERI TUTULÝAN UGUR
Öň hem bellenilip geçilişi ýaly, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin netijeli meýdança öwrülen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň wajyplygyny nygtady. Bu dünýädäki söwda-ykdysady gatnaşyklara ýiti täsir eden häzirki global pandemiýa döwründe has hem derw...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWRAZIÝA GIŇIŞLIGINDE KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAGYŇ ÄHMIÝETI BELLÄP GEÇDI
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleriniň birnäçesini ileri tutdy. Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «taryhy taýdan biziň yklymymyz ýygjam we köptaraply gatnaşyklaryň tebigy giňişligi gökmünde orta çykyp,...
TÜRKMENISTAN AWTOMOBIL ULAGY ULGAMYNDA IÇERKI MÜMKINÇILIKLERINI ARTDYRÝAR
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HALKARA FORUMYNDA WIDEOÝÜZLENME BILEN ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk gur...