SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BILEN YNASAPWERWER GATNAŞYKLARA AÝRATYN ÜNS BERÝÄR
Şu gün, Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisiň dowamynda durmuş-ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi. Taraplar owgan halkynyň durmuşynyň kadalaşdyrylmagy ugrunda Owganystana ýardam bermek mümkinçiliklerine seretdiler. Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan ýakyn ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerine ýetirýän möhüm işleri barad...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEKDE WE GÜLLÄP ÖSÜŞI GAZANMAKDA SYÝASY-DIPLOMATIK GURALLARY ULANMAGYŇ ZERURLYGYNA YNANÝAR
Şu gün Ženewada onlaýn görnüşinde geçýän Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda Russiýanyň, Eýranyň, Şwesariýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki köptaraplaýyn guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşi...
GELJEK ÝYL TOPH GAZGEÇIRIJISINIŇ GURLUŞYGY OWGANYSTANYŇ ÇÄGINDE DOWAM EDER
Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň ykdysady ýagdaýy barada gürrüň berdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň Owganystany dünýä ykdysadyýetine goşmaklyga bolan ymtylyşlaryna minnetdarlyk bildirip, ol aýratyn-da bu ugurda Türkmenistanyň möhüm goşandyny belledi. Türkmen tarapyndan başy başlanan taslamalarda, hususa...
TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika hem-de ynsanperwerlik ulgamlaryndaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-n...
TÜRKMENISTAN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA OWGANYSTAN BILEN HYZMATDAŞLYGYNY DOWAM EDER
24-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde parahatçylyk, ösüş we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi. Maslahat onlaýn görnüşinde bir öňünden öz işine başlady we Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýändir. Bu maslahat 4 ýylda bir gezek geçirilýändir. Bu maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işle...
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 8-nji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Meredow, koreý wekiliýetine – Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Son Ýun Mo ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşykda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlaryndaky...
ОТМЕЧЕНА ВАЖНАЯ РОЛЬ ТУРКМЕНИСТАНА В ХОДЕ ВСТРЕЧИ ВЫСОКОГО УРОВНЯ ПО РЕГИОНАЛЬНОМУ СОТРУДНИЧЕСТВУ
23 ноября 2020 года в онлайн формате прошла встреча высокого уровня по региональному сотрудничеству в рамках Конференции по Афганистану. Туркменистан был представлен на данном мероприятии Заместителем Председателя Кабинета Министров, Министром иностранных дел Туркменистана Р. Мередовым. В ходе встречи, в которой принимали участие главы государств и правительств, а также международных организаций выступили Президент Исламской Республики Афганистан Мохаммад Ашраф Гани, Специальный представитель...