SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşd Döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi...
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýokary derejeli çäreleriň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň, ilkinji Hazar ekologiýa sammitiniň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi me...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...
Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji okuw maslahaty açyldy
2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda «Arçabil» myhmanhanasynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty we Halkara Okean instituty guraýarlar. Açylyş dabarasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Halkara okean institutynyň ýerine ýetiriji direktory Antonella Wassallo, okuw maslahatynyň direktory doktor Pa...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Düsseldorf halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna ugrady. Atçylyk-sport...
Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, iki döwletiň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşm...
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary
Türkmenistan halkara işleriň işjeň gatnaşyjysy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde adamzadyň öňünde durýan has derwaýys we wajyp meseleleri çözmek barada öz garaýyşlaryny beýan eder hem-de olaryň netijeli çözülmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürer. Bitaraplygyň umumy ykrar edilen derejesine berk eýermek, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek maksady bilen işjeň gepleşikleri hemmetaraplaýyn goldamak, netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlygy...