SOŇKY HABARLAR
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňüsyrasynda Parlament forumy geçirildi. Çärä parlamentariler, BMG-niň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, ylmy toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň açylyşy Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň LLDC-niň işleri boýunça Ýokary wekiliniň Kätipliginiň (OHRLLS), Parlamentara Bileleşiginiň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýangyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin köptaraplaýyn h...
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Dabara her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy. Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Ra...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly m...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň resmi wekili Milli Liderimiziň saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklary...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen gepleşikleri
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy. Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň B...