SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekille...
SERGILERIŇ HALKARA BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary jenap Dimitri Kerkenzes bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Wideo konferensiýanyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we EXPO - Dubaý halkara sergisiniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Onlaýn gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjyla...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA NOBATDAKY MEJLIS GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işler...
WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY TÜRKMEN-UKRAIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Ş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY YKDYSADY IŞINI ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI UTGAŞDYRYJY TOPARYŇ BIRINJI MEJLISI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň 30-dan gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Mejlisiň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler ministrlikleriniň we beýl...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA
2020-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynd...
HALKARA PUL GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTAN BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇYSY BILEN SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady mese...