RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Iýul

DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ARGENTIN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Argentinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Ernest Lagorionyň ýolbaşçylygyndaky Argentina Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky türkmen-argentin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi edil Türkmenistan ýal...

DOWAMY
22 Iýul

TÜRKMENISTAN IMMUNIZASIÝA ULGAMYNDA ÝETEN ÝOKARY GÖRKEZIJILER ÜÇIN ÝUNISEF-IŇ ŞAHADATNAMASYNA MYNASYP BOLDY

Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha eýe boldy.  2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda, saglygy goraýyş boýunça geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Immunizasiýa boýunça milli maksatnama arkaly durmuşa geçirilýän immunizasiýa ulgamynda gazanylan ýokary görkezijiler üçin Şahadatnamasyny...

DOWAMY
22 Iýul

SAGLYK - 2019» HALKARA FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň we Ysraýyl Döwletiniň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalara gol çekilmegi halkara forumyň birinji gününiň möhüm wakasy boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraý...

DOWAMY
22 Iýul

TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi. Çäräniň açylyş dabarasy baýramçylyk ruhuny artdyran döredijilik toparlarynyň çykyşlaryndan başlandy. Dabarada myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri, da...

DOWAMY
19 Iýul

AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ BABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi geçirildi. Mejlise GDA gatnaşyjy-döwletleriň saglygy goraýyş ulgamynda işleýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň, BMG-niň hem-de Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň düzüm birlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar....

DOWAMY
19 Iýul

TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ JEMGYÝETÇILIGINI DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNY BILEN TANYŞDYRDY

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň barşynda milletler bileleşigine Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny görkezdi. Bu Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmagynda Nýu-Ýorkda görkezýän birinji milli syny bolup durýandyr. EKOSOS-yň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän ýokary derejeli mejlisde çykyş etmek bilen Türkmenistany...

DOWAMY
19 Iýul

BIŞKEKDE KHBS BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 17-18-nji iýulynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ÝHHG-nyň söz azatlygynyň meseleleri boýunça wekili tarapyndan guralan «Sanly transformasiýa şertlerinde KHBS erkinligi we plýuralizm» ady bilen KHBS boýunça 21-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Maslahat bu mesele boýunça pikirleriň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagy üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan döwlet edaralaryndan, habar beriş seriş...

DOWAMY