RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Awg

TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI UGRUNDAKY IŞLERINI DOWAM EDÝÄR

2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçyla...

DOWAMY
pic
27 Awg

TÜRKMENISTAN WE SINGAPUR KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. 27-nji awgustda Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň Prezidenti hanym Halima Ýakob bilen duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň baştutany Singapur Respublikasyna gelmek baradaky ça...

DOWAMY
pic
14 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY

2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...

DOWAMY
pic
12 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler. Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbi...

DOWAMY
pic
12 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GIŇIŞLIGINDE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADYÝET WE ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreler giň gerim bilen başlandy. Gün tertibi örän mazmuna baýdyr. Günüň birinji ýarymynda Foruma gatnaşmak üçin gelen myhmanlar halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergilerine gatnaşdylar we olaryň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de awtosenagat ulgamynyň naýbaşy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäreler Türk...

DOWAMY
pic
11 Awg

TÜRKMENISTAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky gözbaşyny 1992-nji ýyldan alyp gaýdýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup durýand...

DOWAMY