SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY: ÖZARAHEREKETLERIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligindäki, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş taýdan ösüş ulgamlaryndaky gazananlaryny aýratyn belläp geçdi...
AŞGABATDA GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Ra...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.W.Beskostyý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäkler...
PAKISTANYŇ GOŞUNYNYŇ BIRLEŞEN KARARGÄHLERINIŇ KOMITETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň başlygy, general Zubair Mahmud Haýatyň ýolbaşçylygyndaky Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Tarapla...
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ (UNHCR) 70-NJI SESSIÝASYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY BARADA MAGLUMAT
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 7-11-nji oktýabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky binasynda geçirilýän BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji sessiýasyna gatnaşýar. Sessiýany BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) başlygy, Alžiryň Ilçisi jenap Buejema Delmi açdy. Giriş sözünden soňra sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Baş s...
TÜRKMENISTANYŇ BAE-KI BAŞ KONSULY PATENT GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) Baş konsuly Y.Amanow BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Dubaý şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy jenap Abdulrahman Ganem Al Mutaiwe Konsullyk patentini gowşurdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen bel...
TATARSTANDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 7-10-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Dabaralara Türkmenistanyň köpsanly medeniýet we sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen birlikde biziň ýurdumyzyň amaly-h...