RSS

SOŇKY HABARLAR

4 Okt

PAÝTAGTYMYZYŇ “SPORT” MYHMANHANASYNDA BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň sport syýasatyna hem-de 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry – 10-njy noýabry aralygynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda a...

DOWAMY
3 Okt

Konserwatoriýanyň Uly zalynda milli we ýewropa nusgawy sazlary ýaňlandy

Aşgabatly saz muşdaklary milli konserwatoriýanyň Uly zalynda däp bolşy ýaly, türkmen we ýewropa kompozitorlarynyň iň gowy eserleriniň ýerine ýetirilijekdigini bilip, olar Halkara saz gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.  Ozaldan däp bolşy ýaly, konsert milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan dutar sazy bilen açyldy. Osman Güjümow “Burnaşak” halk sazyny joşgunly ýerine ýetirdi.  Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa konserti Frederik Şopeniň “Skerso № 2” eseri bilen dowam etdi...

DOWAMY
3 Okt

BMG-DE «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy boldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda çapdan çykan “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Tanyşdyryş dabarasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine dürli ýurtlardan gelen köp sanly wekiliýetleriň, guramanyň dürli komitetleriniň we bölümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, alymlar ga...

DOWAMY
3 Okt

AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DABARALAR

2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň çäklerinde geçirilýän: Tehniki toparyň maslahaty, Zenanlaryň 7-nji forumy, hil dolandyryşy boýunça okuw maslahaty, Dolandyryjylaryň maslahaty, Radioda işleýän hünärmenleriň maslahaty, Meýilnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak boýunça toparyň ýygnagy, Meýilnama komitetiniň maslahaty, Sport toparynyň sport oýunlarynyň telewizion hukuklaryny maliýeleşdirmek boý...

DOWAMY
3 Okt

BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 69-NJY MASLAHATYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Şwesariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 69-njy maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.B.Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalara göz aýlamak we berkitmek, agentligiň býujetini, halkara goraglylygy we beýleki meseleriň hataryny UNHCR we hökümetara hem-de hökümete dahyly bo...

DOWAMY
3 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ABU-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň baryşynda türkmen tarapy ABU bilen hyzmatdaşygy mundan beýläk hem giňletmäge, aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. Dr. Jawad Mottagi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş Umma...

DOWAMY
3 Okt

«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy boldy. Ulgamyň baş forumynyň guramaçylary bolup, Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň we dünýäniň çap önümleri senagatynyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezmäge gönükdirilen bu kitap maslahatyny geçirmekde baş...

DOWAMY