SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY GELJEKGI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin Sebitleýin edarasynyň direktorynyň orunbasary Rastislaw Wrbenski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2018-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk»...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kuniýo Mukuriýa bilen duşuşdy. Duşuşykda Guramanyň halkara gümrük hyzmatdaşlygy babatda geljegi bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekilip, Türkmenistanyň döwrebap infrastuktura desga...
BRÝUSSELDE «ÝB - TÜRKMENISTAN» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky onunjy mejlisi geçirildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan wekiliýete Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy B.Ýaroşewiç baştutanlyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, şeýle hem A...
BRÝUSSELDE TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Belgiýa patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Belgiýa tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aksel Kenes ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekd...
2017-NJI ÝYLYŇ DOWAMYNDA EDILEN IŞLER WE ÝURDUMYZDA ADAM HUKUKLARY BABATDA ÝAGDAÝ BARADA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA YGTYÝARLY WEKIL - ADALATÇYNYŇ MAGLUMATY
ANONS Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolan Bitarap Türkmenistan döwleti garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklary babatynda halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň esasylaryna goşuldy. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda deputatlar tarapyndan gizlin ses bermek arkaly Türkmenistanda ilkinji geze...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SUW MESELELERI BOÝUNÇA SEBIT DÜZÜMINIŇ DÖREDILMEGINIŇ BAŞYNY BAŞLAÝAR
2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Bir ýarym sagatlyk uçuşdan soňra Prezidentimiziň uçary Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Prezident Gurbanguly Be...
BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY 2030-NJY ÝYLA ÇENLI DÖWÜR ÜÇIN GÜN TERTIBINI MALIÝELEŞDIRMEK BOÝUNÇA ILKINJI ÇÄRÄNI GEÇIRÝÄRLER
PRES - RELIZ 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) millileşdirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirilmegine mümkinçilikleri artdyrmak we maliýe çeşmelerini durmuşa geçirmek we dolandyrmak boýunça milli mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň üstünde işleýärler. Bilelikdäki başlangyçlaryň çäginde 2018-nji ýylyň...