RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Okt

“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gatnaşyjy-ýurtlaryň duşuşygyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ BERLIN ŞÄHERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI WE HOWPSUZLYK BOÝUNÇA MASLAHATYNA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk boýunça 4-nji Berlin maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň işine daşary işler ministrleri, dürli ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň döwlet sekretarlary, halkara we sebitleýin guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, şeýle hem daşky gurşawy goramak, suw gorlary we betbagtçylyklaryň töwekgel...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...

DOWAMY
pic
7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Şeýle hem, sammite  Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-...

DOWAMY
pic
7 Okt

TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
6 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar...

DOWAMY
pic
5 Okt

MEETING OF THE BUSINESS COUNCIL "TURKMENISTAN-USA"

On October 5, 2022, a regular meeting of the Turkmenistan-US Business Council was held via videoconference, during which key aspects of bilateral trade and economic cooperation were discussed. The meeting was attended by members of the Government, heads of ministries and state agencies of Turkmenistan, Executive Director of the Council Eric Stewart, US Ambassador to Turkmenistan M. Klimow and heads of major American companies - members of the Council, in particular “John Deere”, “Case New Hol...

DOWAMY