RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, uzak ýyllaryň dowamyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine hem-de netijeli häsiýetine kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatl...

DOWAMY
pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk söhbetdeşlik üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň — Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanan...

DOWAMY
pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz kärdeşi bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleriniň yglan edilendigini, onda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedow bolandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny...

DOWAMY
pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNY PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda Gyrgyzystanyň Baştutany milli Liderimizi nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň giň bäsleşik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi döwletimiziň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly döwletiň ýolbaşçy...

DOWAMY
pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine nobatdan daşary saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady. Şu syýasy çäre türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini hem-de raýatlyk borçlaryna ygrarlydygyny görkezdi. Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutany Emomali...

DOWAMY
pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TELEFON ARKALY GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gazagystanyň Baştutany milli Liderimizi Türkmenistanyň oňyn ösüşini we jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň ugruny görkezen Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda tanalmaz derej...

DOWAMY
pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň Liderleri birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar. Özbegistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy giň bäsleşik esasynda Prezident saýlawlaryn...

DOWAMY