DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ VII GURULTAÝYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Onda guramanyň geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenildi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin maglumatlar berildi. 

Gurultaýyň dowamynda Ýaşlar guramasynyň paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarynyň bölümleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. 

Soňra gün tertibine laýyklykda, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümini we onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Mekan” köşgüne gelmegi şatlykly waka öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gurultaýyň işine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýda çykyş edip, beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip belledi. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys, diýip Döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Soňra gurultaýa gatnaşýan wekillere söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, hemmeleri Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Gurultaýyň işi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, nobatdaky gurultaý türkmen ýaşlarynyň döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.