TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU-ÝORKDA GEÇIRILÝÄN “BILIMI ÖZGERTMEK BOÝUNÇA SAMMITINE” GATNAŞÝAR

2022-nji ýylyň 16-19-njy sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş tarapyndan çagyrylan “Bilimi özgertmek boýunça sammitine” gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolýar.

Çärä BMG-na agza döwletler, BMG-niň institutlary, halkara guramalar we agentlikler, alymlar we hünärmenler, raýat jemgyýeti, dürli gaznalar, birleşikler, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu Sammit bilim boýunça dördünji Durnukly Ösüş Maksadyna ýetmek, şeýle hem ýokary hilli bilim bermek we ömürboýy okuw bilen baglanyşykly meselelere gönükdirilendir. Forumyň çäginde bütin dünýäde bilimi kämilleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan başga, pandemiýa sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmeklige hem üns beriler.

Bu nukdaýnazardan Sammitiň maksatlarynyň Türkmenistanyň bilim pudagynda alnyp barylýan syýasatyna gabat gelýändigini bellemek zerurdyr.

Bu ugurda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maksada okgunly işleriň geçirilendigini bellemek gerek. Şu ýylyň 21-nji iýunyndan 8-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň gatnaşmagynda 6 sany milli maslahat geçirildi.

Mundan başga-da, Bilim ministriniň orunbasary ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 28-30-njy iýuny aralygynda Pariž şäherinde geçirilen bilimi özgertmek boýunça deslapky sammitine gatnaşdy.

Ýokarda agzalan milli geňeşmeleriň netijesinde geçirilen maslahatlaryň Hasabaty, şeýle hem Bilimi özgertmek baradaky milli borçnamasy taýýarlanyldy. Bu resminamalar “Bilimi özgertmek sammitiniň” Sekretariatyna iberildi.

Türkmenistanyň wekilleri “Bilimi özgertmek boýunça sammitiň” birnäçe mejlislerine, şeýle hem bilimi sanly ulgama geçirmek baradaky jemleýji mejlisine gatnaşarlar.