“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gatnaşyjy-ýurtlaryň duşuşygyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda meýilleşdirilýän Forumyň gün tertibinden gelip çykýan hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da saglygy goraýyş, sanly hyzmatdaşlyk, syýahatçylyk, ekologiýa we energetika, ykdysady howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk meslelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Bilelikdäki Beýannamanyň we 2023-nji ýyl üçin Forumyň Sekretariatynyň iş Meýilnamasynyň taslamalary boýunça meselelere seredilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary türkmen tarapynyň bu Forumyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy we konstruktiw dialogy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar şeýle hem öňümizdäki çäräniň guramaçylyk-protokol meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.