TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KUWEÝTE RESMI SAPARY TAMAMLANDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine we “Dar Al-Athar Al-Islamiýa” muzeýine baryp gördi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagtynda berlen kabulhanasyndan Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine tarap ugrady. Toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Emiriniň agtygy, Arap atlary merkeziniň baş ýerine ýetiriji direktory hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabah we beýleki ýolbaşçylar garşyladylar.

 Kitaphanada bolan gürrüňdeşligiň dowamynda hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy merkeziň işi we kitaphananyň gaznasy bilen tanyşdyrdy. Onda Kuweýtiň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň atçylyk taryhyna, arap bedewlerine hem-de dürli tohumdaky atlara degişli 800-e golaý kitap jemlenipdir. Soňra milli Liderimize merkeziň döredilmeginiň 30 ýyllygyna, şeýle hem arap atlarynyň taryhyna bagyşlanan kitap sowgat berildi.

 Soňra döwlet Baştutanymyz saýlama arap atlarynyň çykarylyşyna syn etmek üçin niýetlenen meýdança bardy. Döwlet Baştutanymyz açyk manežde IV — V asyrlarda belli bolan ajaýyp arap atlarynyň gözelligine syn etdi.

 Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň ýanyna toplumda şu gün doglan taýçanak getirildi we milli Liderimizden oňa at dakmak haýyş edildi. Atlar adamlaryň wepaly kömekçileri hasaplanýar. Olara örän gelşikli we sazlaşykly atlar dakylýar, bu at olaryň bütin ömrüne hemra bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bedewlere adyň daşky aýratynlygyna, göze ilip duran nyşanyna ýa-da häsiýetine görä dakylýandygyny belledi. “Dostjan” ady bu bedewiň dostanalyk sypatlaryny aňladar we biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabaha özüniň behişdi bedewlere, taryhda şöhrat eýesi bolan ahalteke atlaryna bagyşlanan kitaplaryny sowgat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň ähli işgärlerine uly üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.

Soňra milli Liderimiziň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň paýtagtynyň esasy ajaýyplyklarynyň biri bolup durýan “Dar al-Athar al-Islamyýah” muzeýine tarap ugrady.

Binanyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, goranmak ministri Şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Sabah we onuň ýanýoldaşy, muzeýiň baş direktory hanym Şeýha Hussa Sabah Al-Salem Al-Sabah garşyladylar.

Muzeýiň zallarynda Kuweýtiň baý taryhy hakynda gürrüň berýän özboluşly arheologik tapyndylar görkezilýär. Bu ýerde dürli milletleriň: şumerleriň, wawilionlylaryň, parslaryň, grekleriň şäherleri bolupdyr. Bu künjekden gadymy söwda ýollary geçipdir we özboluşly medeniýetler ösüpdir. Onuň çäginde biziň eýýamymyzdan ozalky bäş müňünji ýyllara degişli medeni gatlaklar tapyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň, hususan-da, Gadymy Marguşyň we biziň halkymyzyň örän gadymy taryhynyň bolandygyny alamatlandyrýan hem-de dünýä medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan Parfiýa şalygynyň taryhyna degişli gymmatlyklar görkezildi.

Soňra milli Liderimiz Milli golýazmalar institutynyň gaznasyndan bar bolan birnäçe kitaplaryň surat nusgalaryny muzeýe sowgat berdi. Orta asyr awtorlarynyň gymmatly eserleriniň her biri birwagtlar häzirki zaman arap ýurtlarynyň çäklerinde bolan türkmenleriň we türkmen döwletleriniň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň özara gatnaşyklary hakynda gürrüň berýär.

Muzeý bilen tanyşlykdan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

 “Dar al-Athar al-islamyýah” muzeýiniň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady.