OKUW MASLAHATYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ BARŞYNA GARALDY

2018-nji ýylyň 31-nji martynda Aşgabatda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi.

 Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine dünýä syýasatynyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlaryň birligi we özara ýakynlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň milli şertlerine uýgunlaşmagy boýunça geňeşmeleri başlan we zerur çäreleri üstünlikli amala aşyrýan ýurtlaryň ilkinjileriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň sammitinden soň BMG-niň Ýurtlar toparynyň we döwletimiziň Hökümetiniň ählumumy maksatnamalaýyn resminamalary amala aşyrmagyň üç tapgyrlaýyn meýilnamasyny ylalaşandygy bellenildi.

 2015-nji ýyldan soň, BMG-ä agza ýurtlaryň degişli borçnamalaryna, halkara hukuga laýyklykda, Gün tertibini durmuşa geçirmekde ähli derejedäki toparlaýyn hereketlere bolan toplumlaýyn çemeleşmeler talap edilýär. Resminamada kesgitlenen maksatlar we wezipeler häzirki zamanyň has möhüm meselelerini öz içine alýar.

 Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda 2030-njy ýyla çenli bolan Gün tertibiniň, hususan-da, halkyň abadançylyk derejesini, bilimi, saglygy goraýşy, ykdysady işjeňligi ýokarlandyrmak, gender deňligini, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek babatdaky ähli meseleler boýunça gazanylan üstünlikler barada anyk mysallar getirildi.

Okuw maslahatyň dowamynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň çärelerine baha bermegiň anyk usullary we onuň gurallary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.