TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORKDA “TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Ilki bilen “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen gepleşikler geçirildi.    

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen liderini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady. Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan beýan edilen wajyp başlangyçlaryň dünýäniň diňe bir jemgyýetçilik-syýasy toparlary tarapyndan däl-de, işewür toparlar tarapyndan hem goldanyljakdygyna ynam bildirdi.   

“Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi we onuň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky orny söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.  Işewürler geňeşiniň öňde boljak mejlisine gatnaşjaklaryň sanynyň garaşylanyndan 3 esse köp boljakdygy barada aýdyldy: ABŞ-nyň, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň kompaniýalary. Şunuň bilen baglylykda, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli  ösüşine ikitaraplaýyn gyzklanma bildirildi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Boeing» kompaniýasynyň halkara satyşlar boýunça direktory Braýan Loppy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda önümçilikli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alyşmalar guraldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda «Boeing 737 MAX7» uçarlarynyň has oňaýly täze görnüşlerini satyn almak  hakynda degişli  resminama gol çekilendigini belledi hem-de iň täze uçar tehnikalarynyň ulanylmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli  artdyrjakdygyny hem-de howa arkaly ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüşini mundan beýläk-de ýokary derejede üpjün etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Braýn Lopp türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Soňra Döwlet Baştutanymyz  bilen «John Deere» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy - Ýewropada,  GDA  we Aziýa ýurtlarynda we Afrikada oba hojalyk we bag-seýilgäh tehnikalary bölüminiň prezidenti Mark fon Pentsyň arasynda gepleşikler boldy.

Duşuşygyň barşynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Jenap Mark fon Pents ozal gazanylan ylalaşyklar babatda görlen çäreler barada habar berip, gatnaşyklary, şol sanda däne orujy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň, traktorlaryň Türkmenistanyň toprak-howa şertleri nazara alnyp ýörite taýýarlanylan iň täze görnüşleriniň nusgalaryny görkezdi. Bu tehniklaryň iş aýratynlygy topragyň, howanyň we ekiniň ýagdaýyny göz öňünde tutýandygynda jemlenýär.

Döwlet Başutanymyz işewür gatnaşyklary berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şu babatda oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat etmegiň we hünär derejeli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamagyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýandygyny nygtady.

Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kabulhanasynda  «Oxbow Group» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Uilýam Kohy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynda Türkmenistan bilen «Oxbow Group» kompaniýasynyň arasynda gatnaşyk etmek meseleleri  boýunça pikir alşyldy, hususan-da, ýangyç-energetika pudagynda, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda, şeýle hem döwlet ösüşiniň birnäçe beýleki ileri tutulýan ugurlarynda iktaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Oxbow» kompaniýasynyň baştutanynyň nygtaýşy  ýaly, ABŞ-nyň işewür toparlary ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini görkezýän ýurdumyz bilen özara  bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler.

Uilýam Koh tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek ulgamynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Oxbow Group» kompaniýasynyň Türkmenistanda öndürilen nebit koksuny, karbamid önümlerini we kükürdi satyn almaklygy dowam etmäge bolan gyzyklanmasyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz ykdysadyýetini düýpli döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alyp, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli  gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeldýändigini we şunda innowasion tehnologiýalaryň soňky gazananlarynyň iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini nygtady.