LATWIÝANYŇ ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Latwiýa Respublikasynyň Aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Döwlet sekretarynyň orunbasary Uldis Reýmanis bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini bellemek bilen, taraplar olary geljekde giňeltmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Ulag hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-latwiýa bilekidäki toparynyň işini bellemek bilen, j-p Uldis Reýmanis ikitaraplaýyn mutimodal gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly ulag gatnaşyklaryny geljekde ösdürmek üçin ençeme teklipleri aýtdy. Türkmenistanyň geografiki ýerleşişiniň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli myhman ikitaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmekde gyzyklanmasy barada nygtap geçdi. Soňra Latwiýanyň Aragatnaşyklar ministriniň orunbasary ýurdunyň logistika mümkinçilikleri babatdaky maglumatlary türkmen tarapynyň garamagyna hödürledi.

Türkmen tarapy öz gezeginde Türkmenistanyň ulag pudagynda gazananlary we logistika mümkinçilikleri barada maglumat berdi, şeýle hem bu ugurda bilelikde amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan taslamalar hakynda maglumatlary berdi.

Taraplar iki ýurduň söwda dolanşygyny geljekde giňeltmek üçin ulag ulgamynda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak barada ylalaşdylar.