TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYÝANLYDA GEÇIRILEN NAHAL EKMEK ÇÄRESINE GATNAŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdy.

Watanymyzyň tebigatyna bolan aýawly garaýyş – Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Awtomobil we demir ýollary bilen uzap gidýän tokaý zolaklary ýaşyl arteriýalara bürenýär, okgunly ösüp barýan senagat infrastrukturasynyň, çalt depginde özgerýän şäherleriň we täze obalaryň daş-töwereginde ýaşyl meýdançalar peýda bolýar. Millionlarça nahallar ak mermerli şäherimiz Aşgabat bilen goňşy oturan Köpetdagyň dag eteklerinde ekildi.

“Ýaşyl port” atly halkara standartynda laýyklykda şu ýylyň maýynda ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň taslamasy işlenip düzüldi. Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen her bir terminal bioarassalaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Innowasion tehnologiýalar ýurduň himiýa pudaklarynyň önümçiligi infrastrukturasynyň hataryny sentýabr aýynda dolduran “Garabogazkarbamid” zawodyndaky mineral dökünleriniň önümçiliginde ulanylýar. Bu kärhananyň ekologiki howpsuzlygy hem abraýly halkara guramalaryň sertifikatlary bilen tassyklanyldy.

Milli tokaý maksatnamasynyň amala aşyrylyşyndaky täze tapgyr bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň agaç ekiş möwsüminde 3 million agaç ekiler: onuň 1,5 milliony Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak Bugdaý etraplarynyň aralygynda hem-de şol möçberdäki ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň nahallary welaýat dolandyryş merkezleriniň we şäherleriň daş-töwereklerinde ekiler.