AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-SAUD TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi.
Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky mejlisiň özara hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemlerine oňyn baha berip, bilelikdäki işiň birnäçe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň barşynda dokma hem-de azyk senagatynda, bank ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna maýa goýumlaryny artdyrmak we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda anyk teklipler aýdyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şertleriň bardygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar eksport-import önümleriniň möçberini artdyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi täze maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.
Türkmen-saud ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hususan-da, medeni, ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreler kesgitlenildi.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.