SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly...
BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni
?Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Türkmen wekilleriniň, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýugeniň, BSGG-niň bölüm ýolbaşçylarynyň, şeýle hem sanly ulgam a...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) halkara bilermenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllard...
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Di...
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy. Agzalan Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Ass...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Türkmen halkynyň Mil...
Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady. Bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekden, tutuş adamzadyň nurana geljeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine umumy çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Giň gerimli iki günlük forumyň işine YHG-a agza ýurtlar...