RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN SAUD ARABYSTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary jenap Adel Siraj Salehyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşukl...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertipleriniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tür...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ SPORT ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ONLAÝN-DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Robin Mitçell gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Olimpiýa...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, soňk...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň bir...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRÝARLAR

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Teswirnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmar we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öw...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTAN UCI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  B.Mätiýewiň Halkara welosipedçiler birleşiginiň Prezidenti Dawid Lappartien bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar önjeýli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Bu ug...

DOWAMY