SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BSG AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERI ÖWRENMEK BOÝUNÇA HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISI
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory han...
HALKARA SAMBO FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Sambo Federasiýasynyň Prezidenti Wasiliý Şestakow bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslah...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji oktýbrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de strategik...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň mazmunynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seredip geçdiler. Taraplar iki döwletiň halkara giňişligindäki özara hereketlerine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Ministrler Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tut...
ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY KITABYNYŇ HYTAÝ DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna aýratyn ähmiýet çekildi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF...