SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli forumyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz T...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen Samarkant şäherinde duşuşmaga şatdygyny aýdyp, bu ýokary derejeli sammitiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Söhbetdeşler sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatd...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy sammitiň çäklerinde duşuşmaga hem-de özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşl...
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy» atly maslahat
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mug...
Türkmenistanyň DIM-nde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri myhmany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi. Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň özara gatnaşyklarynyň täze ugurlary ba...
Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu giň möçberli çärä Awstriýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gruziýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikas...
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili we Ýewropa komissiýasynyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 27-nji martynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» 20-nji ministrler duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şund...