SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “MERKEZI AZIÝA-ÝEWROPA BILELEŞIGI” FORMATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILLERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we...
AZERBAÝJANYŇ DIM-NDE KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Bakuda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan maslahatlaşmalary geçirildi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meselelerini, Türkmenistanyň raýatlarynyň Azerbaýjandaky we Azerbaýjanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýlaryny, Azerbaýjanda okaýan türkmen talyplarynyň meselelerini we ş....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi....
TÜRKMEN-RUS STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuzin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaş...
AŞGABATDA TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň we Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihiniň ýolbaşçylyk etmeklerinde iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça amala aşyrylýan köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň...
OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNDA YNSANPERWERLIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylda ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dorgulýan öýünde Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan ynsanperwer çäresi geçirildi. Çäre owgan tarapynyň haýyşy boýunça, ýaňy-ýakynda türkmen tarapynyň bu saglyk öýüni düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi mynasybetli gurnalyp, onuň dowamynda ynsanperwer kömegi hökmünde saglyk...
AŞGABATDA HALKARA ULAG MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 3-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ulag pudagyndaky ylmy birleşmeleriniň, bilermenler we işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar...