SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY M.MÄMMEDOWANYŇ FRANSIÝA SAPARY
2022-nji ýylyň 23-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherinde gulluk saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Luwr muzeýinde “Ulug-Depe – Merkezi Aziýanyň biziň eramyzdan öňki taryhyny öwrenmek üçin iri merkezi” atly Ulug-Depede geçirilen bilelikdäki fransuz-türkmen arhelogiki missiýasynyň (МАФТУР) arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata 500 töwe...
ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA «TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» DIALOGYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI BARADA
2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda, daşary işler, içeri işler, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we ş.m. ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar. Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Koreýa Respub...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY SEULDA ÖZ KÄRDEŞI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rýu Jeon-Hýun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meselel...
AŞGABATDA TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Iki döwletiň m...
NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANYŞYGYNA GARŞY GÖREŞ MESELELERI AŞGABATDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
Neşe serişdeleri boýunça komissiýanyň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi toparyň 55-nji mejlisi Aşgabadyň “Yyldyz” myhmanhanasynda geçirilýär. Çäräni Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirligi (UNODC) bilen bilelikde gurady. Oňa Gazagystan, Gyrgyzystan, Hindistan, Iordaniýa, Fransiýa, Awstriýa ýaly 11 ýurtdan delegatlar, şeýle hem birnäçe halkara guramalar...
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY TAMAMLANDY
22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň geçirilýän ýerine — kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin...