RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Okt

«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY 2019» ATLY XXIV HALKARA SERGISI WE MASLAHATY (OGT 2019)

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bi giň gerimli çäreleriň guramaçylary «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Тürkmennebit» Döwlet konserni çykyş edýändir. Çäreleriň resmi açylyş dabarasynda çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine...

DOWAMY
22 Okt

TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň öňüsyrasynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. “Shinagawa Prince” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi gurnaldy. Duşuşyga dürli senagat ulgamlarynda, ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ulgamlarynda işleýän Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarpyndan d...

DOWAMY
22 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary garşylaýarlar. Howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda türkmen Liderin...

DOWAMY
21 Okt

BOSNIÝA WE GERSEGOWINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň...

DOWAMY
21 Okt

TBILISIDE HALKARA ULAG ÜSTAŞYR GEÇELGELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär. Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdy...

DOWAMY
21 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI ILKINJI GEZEK BÜTINDÜNÝÄ HARBY OÝUNLARYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy.     Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen...

DOWAMY
21 Okt

HYTAÝDA HHR - MERKEZI AZIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ VII FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-19-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçirildi. Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan...

DOWAMY