RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Okt

BUENOS-AÝRESDE TÜRKMEN-ARGENTIN GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdil...

DOWAMY
18 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYGY GEŇEŞINIŇ VII SAMMITINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammiti geçirildi. Ýokary derejedäki çärä Türkiýäniň Prezidenti R.T.Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti N.Nazarbaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wek...

DOWAMY
18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI GDA-NYŇ AŞGABAT SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2019-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada Sammitiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary we köpugurly hyzmatdaşlygyň has ýokary derejeleriniň gazanylmagyna gönükdirilip alnyp barylýan bilelikdäki işlere ýokary baha berendikleri bell...

DOWAMY
18 Okt

DIPLOMATLAR TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNY BERKITMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşyk geçirildi.   Duşuşygyň başynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Duşuşygyň b...

DOWAMY
18 Okt

TÜRKMEN PARLAMENTARIÝLERINIŇ HYTAÝA SAPARY

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda HHR-na iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-yň HKP-nyň MK-niň Syýasy edarasynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy, Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyk geçirdi.  Hytaý parlamentiniň başlygy türkmen wekiliýetini mähirli garşylady we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasyndaky parlamenatara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-...

DOWAMY
18 Okt

MINSKIDE GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ STRATEGIK YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Minskide bolan Arkalaşygyň dörediji we beýleki edaralarynyň ýanynda gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlisde Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gu...

DOWAMY
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Diplomatlar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle...

DOWAMY