SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISINIŇ ÇÄKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp g...
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen gatnaşyklarynyň, hususan-da ulag hem-de üstaşyr geçiriji infrastrukturalaryň ösdürilmegi ulgam...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SUBÝEKTLERI BILEN ÖZARABÄHBITLI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRÝÄR
2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Kalmykiýa Respublikasynyň baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.S.Hasikow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Hususan-da Kalmykiýa Respublikasy bilen söwda-yk...
TÜRKMENISTAN WE BOLGARIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGI MAKSAT EDINÝÄRLER
2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 11-nji awgustda B.Borisow Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, myhman bu ýerde häzirki zaman awtosenagat ulgamynyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldy. Saparynyň çäklerinde Bolgariýanyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti G...
HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞÝAR
2019-njy 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky global gün tertibini...
TÜRKMENISTANDA HAZAR DEŇZI INSTITUTY DÖREDILDI
2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar deňzini döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Permana laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işi bes edildi we Hazar deňzi instituty onuň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi. Institut Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we m...