SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХII MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar. DTYB-nyň maslahaty başlanmazdan ozal onuň wekilleri döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Günüň ikinji ý...
TÜRKMENISTANYŇ JSIM BARLAGHANASY BSGG-NIŇ ÄHLUMUMY ULGAMYNA GIRIZILDI
2019-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň (JSIM) Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bütindünýä sag...
TÜRKMENISTAN BILEN MAROKKO PATYŞALYGY KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINE YGRARLYDYGYNY BELLEDILER
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministriliginde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Döwlet sekretary Muniýa Busettanyň ýolbaşçylygynda wekiliýeti Aşgabada geldi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýala...
TÜRKMENISTANLY MUGALLYM ASTRAHANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MEKDEBINDE OKADYP BAŞLADY
Rus tarapynyň çagyrmagy esasynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda Astrahan welaýatyna türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew geldi, ol Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylaryny türkmen dili dersleri boýunça okadyp başlady. Türkmen dili Astrahan welaýatynda ilkinji sapar okadylýandyr. Etnik türkmenleriniň ýaşaýan Funtowo obasynyň ýaşaýjylary bu habary uly şatlyk bilen garşyladylar. Şeýlelikde ilkinj...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary P.Agamyradow, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji Orunbasary Ýagub Eýubow ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Aze...
AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasar...