RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly ýokary derejeli mejlisine gatnaşmak üçin gelen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary Wladimir Woronkow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň üçünji tapgyry ornaşdyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlygyň meselele...

DOWAMY
1 Maý

GYRGYZYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň «BMG-niň Merkezi Aziýada Global kontrterroristik strategiýasyny amala aşyrmak boýunça» Ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýbek Omokeew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly häsiýetini belläp, taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara...

DOWAMY
1 Maý

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ TÄZE ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory hanym Paulina Karwowska bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeleri bilen kanagatlanma bildirdiler hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar 2018-2019-njy ýylla...

DOWAMY
30 Apr

AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe...

DOWAMY
27 Apr

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...

DOWAMY
27 Apr

AŞGABATDA HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ VIII MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere ýygnandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada...

DOWAMY
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy.  Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...

DOWAMY