RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Apr

GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň                 dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...

DOWAMY
pic
11 Apr

MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY

2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...

DOWAMY
pic
10 Apr

AŞGABAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda                            syýasy geňeşmeler geçirildi. Syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdujabar Abduwahitowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtynda boldy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp...

DOWAMY
pic
9 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAKUDA GEÇIRILEN GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň: «Durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy höweslendirmek» atly aralyk ministrleriň derejesindäki maslahat geçirildi. 2018-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýokary wezipeli şahslaryň derejesinde mejlis geçirildi. Ministrleriň maslahatyna Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýan, şeýle hem bu guramada synçy statusy b...

DOWAMY
pic
6 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-paýhas taýdan ösen ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň...

DOWAMY
pic
5 Apr

ESTONIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Astana ş.) jenap Heýti Mýaýemýees  bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmeginiň meseleleri babatda pikirleri alyşdylar. Taraplar Tü...

DOWAMY
pic
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGY SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

2018-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti gulluk iş saparynda boldylar. 4-nji aprelde Amman şäherinde Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler boldy. Bu syýasy geňeşmelere Iordan tarapyndan bu ýurduň Daşary işler we ekspatriantlar ministrliginiň Baş Sekretary Zaýed Al Loziniň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seredildi we Türkmenistan bilen Iordan Haşemit Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklary...

DOWAMY