SOŇKY HABARLAR
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC3) umumy mejlisiniň açylyş dabarasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingi meşhur Al-Arabiya teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Han alyp bardy. Brifingde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdiler. Şeýle hem brifinge BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňz...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn saparlaryň tejribesini iň ýokary we ýokary derejelerde dowam etdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň...
Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň B...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňüsyrasynda Parlament forumy geçirildi. Çärä parlamentariler, BMG-niň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, ylmy toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň açylyşy Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň LLDC-niň işleri boýunça Ýokary wekiliniň Kätipliginiň (OHRLLS), Parlamentara Bileleşiginiň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýangyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin köptaraplaýyn h...
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Dabara her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy. Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Ra...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly m...