RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýul

Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň daşary syýasat edara...

DOWAMY
pic
1 Iýul

KHBS üçin maglumat

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde halkara syýasy we ykdysady giňişlikde alyp barýan işini halkara gatnaşyklara gatnaşyjylaryň özüni alyp barşyny düzgünleşdirýän köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda amala aşyrýar. Şunda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we hukuk şahslary bilen baglaşan ylalaşyklary hem-de şertnamalary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmekdäki ýurduň hukuk taýdan esaslandyrylan we anyk kesgitlenen çemeleşmesini aýratyn...

DOWAMY
pic
19 Iýun

Baku şäherinde “Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi. Simpoziuma Azerbaýjan Respu...

DOWAMY
pic
19 Iýun

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi. Türkmen häkimiýeti bu raýatlar üçin üstaşyr geçişi üpjün edip, olaryň öz Watanyna dolanmagyna ýardam edýär. Bu iş Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala...

DOWAMY
pic
18 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Sammitiň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. “Garaşsyzlyk” köşgünde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek d...

DOWAMY
pic
18 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Başlygy mähirli salamlaşyp, “Merkezi Aziýa - Hytaý” sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Si Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara bähbitli...

DOWAMY
pic
17 Iýun

Türkmenistanyň wekiliýeti “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy

2025-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti  Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy. “Ýeni Azerbaýjan” partiýasy tarapyndan guralan bu foruma Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan ýaly döwletleriň syýasatçylary, bilermenleri we partiýa wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti...

DOWAMY