SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki ugurdaş çäreler
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň guramagynda birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Olarda DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini ösdürmek, durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde özgertmeleri öňe sürmek mowzugyna bagyşlanan çäre şolaryň esasylarynyň...
BMG-niň üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň forumy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygy geçirildi. Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, a...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy hakynda
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Awaza forumynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça neti...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda goňşy ýurtlaryň arasynda ýola goýlan üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ug...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi. Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 4...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga ça...
Durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalar
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady. Giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri bo...