TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNYŇ TÜKELLEÝIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK WE KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 13-14-nji aprelinde Samarkant şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň tükelleýiş işlerini geçirmek we kämilleşdirmek boýunça geňeşmeler geçirildi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn halkara şertnamalaryň we halkara şertnama derejesi bolmadyk beýleki resminamalara seretdiler we olaryň bitewi sanawyny döretdiler.
Iki ministrligiň wekilleri taraplaryň döwletlerinde halkara şertnamalary baglaşmagyň we durmuşa geçirmegiň tejribesi, umumy halkara hukugynyň kadalarynyň emele gelmegi hem-de kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalar barada maglumat alyşdylar. Şeýle hem halkara şertnamalary neşir etmek hem-de olaryň bitewi elektron ýazgylaryny we arhiwlerini saklamak babatynda tejribe alşyldy.
Geňeşmeleriň jemleri boýunça hünärmenler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady boýunça tükelleýiş işlerini geçirmek we kämilleşdirmek babatynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky duşuşygyň senelerini diplomatik ýollar arkaly ylalaşmak baradaky netijä geldiler.