Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Ministr dostlukly döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şol sanda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de geljekde olaryň abadançylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Taraplar ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şeýle hem halkara we sebit başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen şu ýylyň dekabrynda halkara maslahatyň geçiriljekdigi barada aýdyldy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň halklarynyň bähbidine strategiki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.