img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AZERBEÝJAN RESPUBLIKASY - BAKU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

photo

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.